Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Baş arçasy GDA-da iň beýik Täze ýyl arçasydyr, Özbegistandan Ýewropa ilkinji konteýner otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi, Saud Arabystanynyň ilçihanasy Aşgabatda täze binasyny açdy

10:4820.12.2022
0
34797

1. Aşgabatdaky "Älem" medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada gurlan Türkmenistanyň Baş arçasy GDA-da iň beýik arçadyr. Onuň boýy 43 metre deň. Sanawyň ilkinji bäşligine Ýerewanyň, Daşkendiň, Bakuwyň we Duşanbäniň arçalary hem girýär.

2. Özbegistandan Ýewropa konteýner otlusy ilkinji gezek Hazarüsti halkara ulag geçelgesi bilen Bolgariýanyň Burgas portuna ugrady. Mis konsentraty ýüklenen otly uzynlygy 4000 km-den gowrak bolan Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Bolgariýa/Ýewropa ugry boýunça hereket eder.

3. Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudyň Türkmenistana iş saparynyň çäginde Aşgabatda Saud Arabystanynyň ilçihanasynyň täze binasy açyldy. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Raşid Meredow gatnaşdy. Diplomatlar simwoliki lentany kesdiler we ilçihananyň açylyşy mynasybetli ýadygärlik nyşanyny açdylar.

4. Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan Moda görkezilişi geçirildi. Bu çäre, Sankt-Peterburg hökümetiniň goldawy bilen Türkmenistanyň we Sankt-Peterburgyň Moda öýleri tarapyndan guraldy. Görkezişiň dowamynda Türkmenistandan moda nusgalary tomaşaçylaryň dykgatyna ýtirildi. Görkezilen egin-eşik nusgalary, türkmen medeniýetiniň däp-dessurlaryny we gözelligini şöhlelendirdi.

5. Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleri bilen alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly we Täze ýyla taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Türkmenistanyň döwlet Baştutany Täze ýyl baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek, baýramçylyk günlerinde bazarlary we dükanlary azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça zerur tagallalaryň görülmelidigini tabşyrdy.

6. Türkmenistanda Änew şäherçesinde ýerleşýän XV asyra degişli bolan meşhur «Seýit Jemaletdin» taryhy-medeni toplumynyň golaýyndaky orta asyr sardobasyny dikeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu işler Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň ýörite ylmy-rejeleýiş ussahanasy tarapyndan amala aşyrylýar.

7. 31-nji dekabrda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we paýtagtyň myhmanlary şäheriň birnäçe konsert meýdançalarynda göwün açarlar. «Ylham» seýilgähinde Täze ýyly garşy almak dabarasy 18:00-da başlanar, bir sagat soň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada şowhunly çykyşlar ýaýbaňlanar. Şol ýerden bolsa Täze ýyl arçasyna baryp bilersiňiz, ol ýerde sagat 21:00-da özüne çekiji Täze ýyl çykyşlary guralar, 23:00-da ýurduň welaýatlarynyň ýaşaýjylary teleköpri arkaly oňa goşularlar. Şol gün olar üçin «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňünde çäreler guralar. Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň halky Täze 2023-nji ýyly agzybir maşgala bolup garşy alar.

8. «Dünýä gözeli 2022» gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy – bu derejä Hindistandan Sargam Kuşal mynasyp boldy. Ol täjini geçen ýaryşyň çempiony amerikaly Şeýlin Forduň elinden aldy. Sargam Kuşal mugallym we model bolup işleýär. Ol 2018-nji ýylda durmuşa çykdy we şondan soň durmuşa çykan aýallaryň arasyndaky gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp başlady. Kuşal «Dünýä gözeli» derejesine eýe bolan ikinji hindistanlydyr, ilkinji gezek bu derejä 2001-nji ýylda Aditi Gowitrikar mynasyp bolupdy.

9. «Apple» kompaniýasy 2023-nji ýylda smartfonlaryň, makbuklaryň, displeýleriň we dürli enjamlaryň täze nusgalaryny öndürmäge taýýarlyk görýär. 2023-nji ýylda täzelenen «iPhone 14» çykar. Onuň täzeligi diňe korpusynyň reňki bilen baglanyşykly bolar, onuň nähili reňkde boljakdygy heniz mälim edilmedi. Şeýle-de USB-C porty, korpusynyň dizaýny täzelenen we sensorly esasy hem-de ses düwmeleri ornaşdyrylan «iPhone 15-iň» çykmagyna garaşylýar. 14 dýuýmlyk «MacBook Pro» we 16 dýuýmlyk «MacBook Pro» M2 çipi bilen üpjün edilerler, bu nusgalarda başga özgerişler göz öňünde tutulmaýar. «MacBook Air» bolsa has giň 15,5 dýuýmlyk ekrana eýe bolar. Şeýle-de kompaniýa M3 çipi oturdylan «iMac» monoblogyny tanyşdyrmaga taýýarlyk görýär.

10. Türkmen karateçileri Daşkende badalga alan 21 ýaşa çenli ulularyň, harby talyplaryň, ýaşlaryň we türgenleriň arasynda karate boýunça WKF Aziýa çempionatynda iki bürünç medal gazandylar. 60 kilograma çenli agram derejesinde 16 ýaşly Magtymguly Annaýew münberiň üçünji basgançagyna çykmagy başardy. Mundan başga-da, 75 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden 17 ýaşly Hemra Begjanow hem şeýle üstünlik gazandy. Bäsleşiklerde Türkmenistana 24 karateçileriň wekilçilik edýändigini bellemek gerek. Aziýa çempionatynda 28 ýurtdan jemi 700-den gowrak türgen çykyş edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň