Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

21:5719.12.2022
0
22522
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Iş maslahatynda ýurduň welaýatlarynda ýerine ýetirilýän işler, şol sanda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri şu günler ýurduň sebitlerinde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilişi, şeýle-de Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.

Hasabatlaryň çäklerinde ýurduň sebitlerinde bugdaýa gögeriş we ösüş suwunyň tutulýandygy, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň guramaçylykly alnyp barylýandygy, indiki ýyl oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalardyr gurallaryň abatlanylýandygy barada hem aýdyldy. Häkimler öz hasabatlarynda welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň hem-de beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada-da aýtdylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhümdigi barada aýtdy hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmelidigi, şunda oba hojalyk tehnikalarydyr gurallarynyň bökdençsiz işledilmelidigi, oňa berk gözegçilik etmek, 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk geçirmek, indiki ýyl oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalarydyr gurallary abatlamak babatda häkimlere birnäçe anyk görkezmeleridir tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany welaýatlarda Täze ýyl baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmek, baýramçylyk günlerinde bazarlary we dükanlary azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy.

Soňra wise-premýer A.Ýazmyradow welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hasabatda şu günler welaýatlarda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň, hususan-da, ekine ösüş suwuny tutmak, ony mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň alnyp barylýandygy, geljek ýylda gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň düýbüni tutmak maksady bilen, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň geçirilýändigi barada aýdyldy.

Şeýle-de wise-premýer häzirki wagtda Balkan we Mary welaýatlarynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almagyň dowam edýändigi, ýurduň suw howdanlaryna suw toplamak işleriniň bellenilen meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetiň oba hojalyk ulgamynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi hem-de häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary taýýarlamak, oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalarydyr gurallary abatlamak, şeýle-de welaýatlarda suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer A.Ýazmyradowa we welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary sürmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň üpjün edilmegine, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle-de döwlet Baştutany welaýatlarda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny talabalaýyk geçirmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilişini berk gözegçilikde saklamagy, ilaty elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň