Top.Mail.Ru

Arhiw

Aşgabatda Saud Arabystanynyň Ilçihanasynyň täze binasy açyldy

22:3019.12.2022
0
30019

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudy kabul etdi.

Şeýle-de Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýetiniň Türkmenistanda saparda bolmagynyň çäklerinde, şu gün Aşgabatda dürli çäreler geçirildi. Olar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary derejesini görkezýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti bilen geçirilen gepleşikler netijeli häsiýete eýe boldy. Duşuşykda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlary boýunça pikir alyşmalara uly ähmiýet berildi.

Şeýle-de şu gün Aşgabatda Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň täze gurlan binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Dabarada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ir bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanda Saud Arabystany Patyşalygynyň Ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň açylýandygy mynasybetli bu ýurduň daşary işler ministrini gutlandygy aýratyn bellenildi. Şeýle-de Ilçihananyň işgärlerine iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde uly üstünlikler arzuw edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň