TÝL ― 2022: «Altyn asyr» «Aşgabady» uly hasap bilen ýeňdi

22:0017.12.2022
0
17216

Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşykda «Aşgabat» möwsümi kümüş medal bilen tamamlamaga eýýäm hukuk gazanan «Altyn asyry» kabul etdi. 27-nji tapgyryň çägindäki bu duşuşygyň birinji ýarymynda hasap açylmasa-da, eminiň soňky jürlewügine çenli «aragatnaşykçylar» 3:0 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardylar.

Gollaryň perdesini 48-nji minutda goragçy Zafar Babajanow açdy. 75-nji minutda baş eminiň ýerli toparyň derwezesine bellän 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanan Myrat Annaýew hasaby 2:0-a çykardy. Duşuşykdaky jemleýji goly 87-nji minutda Nurmyrat Rozyýew geçirdi.

«Aşgabadyň» futbolçylarynyň bäşisine sary kart görkezilen duşuşykdan soň «Altyn asyr» utugyny 58-e çykardy. Indi «aragatnaşykçylaryň» möwsümi 60-dan gowrak utuk bilen tamamlamaga mümkinçiligi bar. Altynjy orundaky «Aşgabat» bolsa 30 utukda galdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň