Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Rçmond şäheriniň ýaşaýjysy Antonio Romero Monteýro iň uly wideooýun toplumynyň eýesi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ýagny Tehas ştatynyň ýaşaýjysy 24 müň 268 sany wideooýnuň eýesidir diýip, UPI habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
Tehaslynyň öýünde 100-den gowrak oýun konsoly bar, onuň wideooýunlarynyň umumy bahasy iki million dollardan hem geçýär.
Monteýro ilkibada ýaşka aýratyn halan oýunlaryny satyn alandygyny,soňra munuň hakyky güýmenjä öwrülendigini aýdýar.
«Gitdigiçe toplumymdaky oýunlar artdy bardy, men hemişe oýnasym gelen, emma mümkinçiligim bolmadyk oýunlary-da satyn aldym. Şeýdip, Xbox, Nintendo, Sega we PlayStation we beýleki ulgamlar üçin oýunlary hem ýygnap başladym» diýip, erkek kişi gürrüň berýär.