Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: geçirilmedik jerime urgusyna garamazdan, «Nebitçi» «Aşgabady» ýeňdi

21:0014.12.2022
0
11935

Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň 26-njy tapgyrynda «Nebitçi» Balkanabat şäherinde «Aşgabady» 1:0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşygyň 22-nji minudynda emin «Aşgabadyň» derwezesine 11 metrlik jerime urgusyny belledi. Ýöne bu urgyny Serdar Tukyýew dürs ýerine ýetirip bilmedi. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini bolsa 44-nji minutda Abdymuhammet Begjanow geçirdi. Hasap şondan soň üýtgemedi.

14 utukly «Nebitçi» ýaryşyň ahyrky basgançagyndadyr. «Aşgabat» bolsa ýaryşy altynjy orunda dowam edýär.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň 30-njy möwsümi ýene-de iki tapgyrdan tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň