Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada Türkiýäniň Prezidenti bilen duşuşdy

11:4714.12.2022
0
24690
Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada Türkiýäniň Prezidenti bilen duşuşdy
Surat: aa.com.tr

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin Awaza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar dürli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklary ösdürdmek barada pikir alyşdylar. Esasan hem söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa we senagat ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine üns berdiler. Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek söhbetdeşlikde aýratyn orun eýeledi. Şeýle hem söhebetdeşigiň dowamynda Türki Döwletleriň Guramasynyň çäginde sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerine garaldy.

Mundan başga-da duşuşygyň dowamynda kökleri taryhyň münýyllyklaryndan gaýdýan medeni we ruhy gymmatlyklary özünde jemleýän, iki doganlyk halky birleşdirýän däp bolan ynsanperwer gatnaşykar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň