Marokko öz taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatynyň ýarym finalyna çykdy

21:5810.12.2022
0
36269

Marokkonyň milli ýygyndysy Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň çärýek finalyndaa Portugaliýany ýeňip, öz taryhynda ilkinji gezek mundialyň ýarym finalyna çykdy. Dohadaky «Al-

Tumama» stadionynda geçirilen oýun 1:0 hasabynda Marokkonyň peýdasyna tamamlandy.

Marokko ýeňiş getiren ýeke-täk 42-nji minutda Ýussef En-Neseri tarapyndan uruldy.

Duşuşygyň esasy wagtyna emin tarapyndan goşulan minutlarda Marokkonyň düzüminde Walid Şeddira ikinji sary duýduryşy alyp, oýundan çykdy. Emma muňa garamazdan, Marokko ýeňşi elden bermedi.

Şeýlelikde, Marokko mundialyň ýarym finalyna çykan ilkinji Afrikanyň wekili boldy. Marokkodan ozal bu yklymyň üç ýurdy — Kamerun (1990), Senegal (2002) hem-de Gana (2010) futbol boýunça dünýä çempionatynyň çärýek finalyna çykmagy başarypdy.

Marokko DÇ-2022-niň ýarym finalynda Angliýa — Fransiýa oýnunyň ýeňijisi bilen duşuşar. Angliýa bilen Fransiýanyň arasyndaky çärýek final duşuşygy 10-njy dekabrda geçiriler. Oýundan alyp görkeziliş Aşgabat wagty bilen 23:55-de başlanar. Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň çäginde futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryna «Match TV» teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.

Marokko ýarym final tapgyryndaky oýnuny 14-nji dekabrda geçirer.

DÇ-2022-niň final duşuşygy 18-nji dekabrda oýnalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň