Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 478 million dollar boldy

15:0908.12.2022
0
38633

Russiýa Türkmenistanyň iň möhüm söwda hyzmatdaşlaryndan biridir. 2022-nji ýylyň sekiz aýynda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy takmynan 478 million dollar boldy. «Uralpolit.ru» web sahypasynyň habaryna görä, bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrligi Sergeý Lawrow bilen Raşid Meredowyň duşuşygynyň öňüsyrasynda aýtdy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy 343 million 810 müň 230 ABŞ dollary boldy.

Daşary işler ministrliginiň bellemegine görä, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine sebitara gatnaşyklar oňyn täsir edýär.

Ministrligiň beýanatynda: «Häzirki wagtda Tatarstan, Astrahan we Çelýabinsk sebitleri hem-de Sankt-Peterburg Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär» diýlip bellenilýär.

Habar berşimiz ýaly, Moskwada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 2023-2024-nji ýyllarda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň