Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Uzak gündogar dilleri kafedrasynyň hytaý diliniň mugallymlary onlaýn görnüşinde hytaý dilinde geçirilen Halkara hyzmatdaşlaryň bilim konferensiýasynyň 11-nji mejlisine gatnaşdylar.
«Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habaryna görä, konferensiýanyň maksady bilim ulgamynda we hytaý dilini öwrenmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy goldamakdan ybarat boldy.
Türkmenistanly mugallymlar Hytaýdaky 130-dan gowrak uniwersitetiň wekilleri we bilim pudagyndaky öňdebaryjy hünärmenler bilen geçirilen söhbetdeşlikde talyp hakly maksatnamalar barada möhüm maglumatlary aldylar.
Hytaýyň uniwersitetleriniň her biri multimediýa çykyşlaryny hödürledi.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanda hytaý dilini öwretmek boýunça öňdebaryjy okuw merkezi bolmak bilen, ýokary okuw mekdebi tarapyndan beýleki uniwersitetleriň talyplarynyň we mekdep okuwçylarynyň arasynda meýilnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Şeýle-de okaň: