Türkmenistanyň bilim ministri rus kärdeşi bilen duşuşdy

10:2307.12.2022
0
33389
Türkmenistanyň bilim ministri rus kärdeşi bilen duşuşdy
Surat: minobrnauki.gov.ru

Türkmenistanyň bilim ministri Gurbangül Ataýewa Moskwada Russiýanyň ylym we ýokary bilim ministrliginiň ýolbaşçysy Waleriý Falkow bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Rus elektron neşirlerinde habar berlişi ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrligi Türkmenistan bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berýär. Hususan-da, ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli türkmen hünärmenlerini taýýarlamak babatda uly işler alnyp barylýar.
Waleriý Falkow: — Biz Russiýanyň uniwersitetlerine berilýän uly ünsi kanagatlanma bilen kabul edýäris we Türkmenistanly ýaşlaryň bilim almagy üçin ähli mümkinçilikleri dörederis – diýip belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň 30 müňden gowrak raýaty Russiýanyň uniwersitetlerinde okaýar, şolardan 4 müňden gowragy býudjet esasyndadyr. Şu ýyl Russiýa Federasiýasynyň teklibi boýunça Türkmenistanyň 385 raýaty uniwersitetlere kabul edildi. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda ministr Gurbangül Ataýewa Türkmenistanda Russiýa bilen hyzmatdaşlyga möhüm üns berilýändigini, milli bilim ulgamyny ösdürmekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak bilen bagly giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Ministrler Türkmenistanda bilelikdäki uniwersitet döretmek meselesine aýratyn ünsi çekdiler. Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrligi bu taslamany durmuşa geçirmek üçin degişli meýilnamany işläp taýýarlady.
Duşuşykdan soň gepleşikleriň netijeleri boýunça degişli resminama gol çekildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu günler türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynda iş saparynda bolýar. 6-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň