Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Moskwada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow russiýaly kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Owganystandaky we Merkezi Aziýadaky ýagdaýlar, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki derejesi we ony ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TASS habar berýär.
Taraplar syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmak, sebit hem-de halkara derejeli meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, Aşgabat bilen Moskwanyň arasynda halkara giňişliklerde — BMG, GDA, Hazar bäşligi, «Merkezi Aziýa — Russiýa Federasiýasy» formaty ýaly halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi nygtalyp geçildi.
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Owganystandaky ýagdaýlara aýratyn ünsi çekip, bu ýurtda parahatçylygy ýola goýmakda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň tutýan ornuna ýokary baha berdi. Şeýle-de, Russiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy Hazar sebitiniň howpsuzlygy bilen bagly meselelere ünsi çekmek bilen birlikde, bu ugurda 29-njy iýunda Türkmenistanda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň çäginde gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetiniň uludygyny kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak arkaly has-da ýokarlandyrmagyň zerurdygy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 8 aýynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 474,8 million amerikan dollaryna barabar boldy. Geljekde bu görkezijini has-da artdyrmak göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, ýangyç-energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly ylym-bilim we medeni-ynsanperwer ulgamlary türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrularynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmenistanly talyplaryň 30 müňden gowragynyň bilim alýandygy bellenildi. Häzirki wagtda Aşgabatda türkmen-rus uniwersitetini döretmek boýunça işler dowam etdirilýär.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 2023-2024-nji ýyllarda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler.
Ozal habar berşimiz ýaly, ertir Moskwada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler.