Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 6-njy dekabrda Moskwa şäherinde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa şu gün geçirilen metbugat brifinginde habar berdi.
— 6-njy dekabrda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak üçin Moskwa gelýän Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen gepleşikleri geçirer – diýip, M.Zaharowa belledi.
Bellenilişi ýaly, duşuşykda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň bar bolan mümkinçilikleri, BMG, GDA «Merkezi Aziýa — Russiýa», Hazar bäşligi ýaly halkara giňişliklerde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak barada pikir alşarlar.