Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Aşgabat» «Energetigi» utup, ondan 15 utuk öňe saýlandy

23:5906.12.2022
0
18167

«Aşgabat» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň 25-nji tapgyrynda «Energetigi» utdy.

Paýtagtdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşyk «Aşgabadyň» haýryna 2:1 hasabynda tamamlandy. Ýer eýeleriniň gollaryny 74-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Agajan Altyýew, 88-nji minutda bolsa Toýmämmet Sähetmämmedow geçirdi. Myhmanlaryň ýeke-täk goluny Musa Nurnazarow öz adyna ýazdyrdy.

Ýaryşda altynjy orny eýeleýän «Aşgabat» utugyny 30-a tegeledi. Ol indi ýaryşdaky goňşusy ― ýedinji orundaky «Energetikden» 15 utuk öňde. Bu bolsa geljek üç tapgyrda «Energetigiň» özünden ýokardaky orunlaryň islendik birine synanyşmak mümkinçiligini ýitirendigini görkezýär.

Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2022-niň häzirki möwsümi ýene-de üç tapgyrdan tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň