Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halk Maslahatynyň we Mejlisiň bilelikdäki maslahatynda täze Kanunlar makullanyldy

21:4505.12.2022
0
19413

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty boldy. Maslahatyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyna hem-de döwletiň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi we makullanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Maslahata gatnaşmaga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe-ykdysady we bank ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Maslahatda «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Bellenilişi ýaly, ýurduň esasy maliýe resminamasynyň deslapky ara alnyp maslahatlaşmalary Halk Maslahatynyň we Mejlisiň ähli komitetlerinde, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde geçirildi.

Bilelikdäki maslahatda bellenilişi ýaly, ozal Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanun kabul edilmezden ozal, bu resminamanyň esasy maddalaryny ýene-de bir gezek düýpli seljermek we olary häzirki wagtyň ýagdaýlaryna laýyk getirmek boýunça parlamentarileriň öňünde goýan wezipesi, aýdan ähli teklipleri we maslahatlary göz öňünde tutulyp, degişli Kanunyň taslamasyna girizildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp taýýarlamak babatda çäreler Türkmenistanyň býujet ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmak boýunça 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda geçirildi.

Maslahatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowyň çykyşynda geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynyň ykdysadyýetiň her bir pudagy üçin girdeji we çykdajy maddalary boýunça maglumatlar giňişleýin beýan edildi. Döwlet býujetiniň serişdeleriniň esasy böleginiň durmuş ulgamyna gönükdirilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ylmy we bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti, durmuş üpjünçiligini, ýaşaýyş-jemagat hojalygyny, umumy häsiýetli döwlet hyzmatlaryny, halk hojalygyny ösdürmäge meýilleşdirilen pul serişdeleri barada maglumat beýan edildi. Çykyşda önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna, Oba milli maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna, mätäçlik çekýän maşgalalar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň, ýurduň sebitlerinde täze şäherçeleriň we obalaryň gurluşygyna göz öňünde tutulan serişdeler barada giňişleýin aýdylyp geçildi.

Bilelikdäki maslahatda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary şeýle hem «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna seretdiler.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan kabul edildi we degişli Kararlar bilen makullanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň