Arhiw

Türkmenistanyň çäginden Türkiýeden Özbegistana barýan ilkinji ýük otlusy geçdi, Türkmenistan ýene Ginnesiň rekordlar kitabyna girmäge taýýarlanýar, «S7 Airlines» Türkmenbaşa uçuşlarda türkmen raýatlary üçin PCR-barlaglaryny goýbolsun etdi

10:3006.12.2022
0
44146
Türkmenistanyň çäginden Türkiýeden Özbegistana barýan ilkinji ýük otlusy geçdi, Türkmenistan ýene Ginnesiň rekordlar kitabyna girmäge taýýarlanýar, «S7 Airlines» Türkmenbaşa uçuşlarda türkmen raýatlary üçin PCR-barlaglaryny goýbolsun etdi

1. Daşkendiň Merkezi demir ýol menzilinde Türkiýeden gelen ilkinji ýük otlusyny garşy almak dabarasy boldy. Hojalyk tehnikalary ýüklenen 40 wagondan ybarat otly düzümi Türkiýäniň, Eýranyň we Türkmenistanyň çäginden geçip, Özbegistana geldi. Ol Türkiýe – Eýran – Türkmenistan – Özbegistan ugry boýunça hereket eden ilkinji ýük otlusydyr. Häzirki wagtda bu ugur boýunça ýene 250 wagonyň geçmegi göz öňünde tutulýar.

2. Türkmenistanda Aşgabatdan 30 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýän Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezini Ginneşiň rekordlar kitabyna girizmek meýilleşdirilýär. Umumy bahasy ABŞ-niň 1,5 milliard dollaryna barabar bolan bu taslama 2019-njy ýylyň aprelinde badalga berildi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellemegine görä, onuň sebitde iň iri, aýratyn özboluşly we owadan şäherdigini nazara alyp, bu desgalary Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek baradaky meseleleri öwrenmek zerurdyr.

3. Russiýanyň «S7 Airlines» awiakompaniýasy Moskwadan Türkmenbaşa uçuşlarda Türkmenistanyň raýatlary üçin PSR-barlagyny geçmek zerurlygyny aradan aýyrdy. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň çägine girilende koronawirus ýokanjy boýunça goçmaça barlagy geçmek zerurdyr.

Belorussiýanyň «Belawia» awiakompaniýasy hem Minskden Türkmenbaşa howa gatnawlarynda türkmen raýatlary üçin PSR-barlagyny geçmek talabyny aradan aýyrdy, bu düzgün daşary ýurtlulara degişli däldir. Ýurda gelnen wagty ähli ýolagçylar doldurylan «Ýolagçylaryň saglyk ýagdaýyny kesgitlemek boýunça kepilnamany» görkezmelidirler.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň howa gatnawlary arkaly Russiýanyň şäherlerinden Türkmenistana uçulanda PSR-barlagyny geçmek talaby aradan aýryldy. Ähli ýolagçylar Türkmenistanyň howa menzillerine gelenlerinde PSR-barlagyny geçerler.

4. Türkmenistanyň paýtagtyndaky Mukamlar köşgünde Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri nusgawy simfoniýa eserlerini, operadan parçalary, kinofilmleriň sazlaryny, şeýle hem «Suliko» atly gruzin aýdymyny, Gruziýanyň paýtagtynyň estrada senasy bolan «Tbilisony» we beýleki eserleri ýerine ýetirdi.

5. Güýz paslynda Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň çägindäki howdanlaryna «Ak durna» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen karp, kümüş karp we amur balyklarynyň 11 tonnasy goşuldy. Balyk tutmak we köpeltmek senagatyna ýöriteleşen kompaniýa ýakynda «Daşoguzbalyk» döwlet kärhanasyny hususylaşdyranyndan soňra düzümini has-da giňeltdi.

6. Dagystanda Hazar deňziniň kenarynda düwlenleriň ýerli görnüşi bolan Hazar düwlenleriniň köpçülikleýin gyrylýandygyna gözgeçilik edildi. Eýýäm bu haýwanlaryň 2,5 müňden gowragynyň ölendigi ýüze çykaryldy. Dagystanyň Tebigy çeşmeler we ekologiýa ministrliginiň wekilleriniň bellemegine görä, düwlenleriň bedeninde balykçylyk torlarynyň yzlary tapylmady. Esasan ýaş haýwanlar ölýär, olaryň arasynda bogaz urkaçylar hem kän. Düwlenleriň köpçülikleýin gyrylmagynyň sebäbini haýwanlaryň öýjüklerini seljermek arkaly ýüze çykarmak meýilleşdirilýär.

7. Sowuk howada köp adam gözleriň gyzarmagy, ýaşarmagy, gijilewük ýaly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Mundan gaça durmak üçin lukmanlar sowuk ýerden gurak ýyly howaly ýere girilende çyglandyryjy damjalary ulanmagy maslahat berýärler. Aýazly howada göze dakylýan linzalary ulanmak maslahat berilmeýär. Eger şemally howada gözler yzygiderli ýaşarýan bolsa, öýden çykmazdan öň gözüňize allergiýa garşy serişdeleri damdyrmak gerekdir, güneşli howada bolsa gara aýnaly äýnekleri geýmek zerurdyr.

8. Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparyndan teklip aldy. Portugaliýaly futbolçynyň eýýäm 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Er-Riýadyň futbol toparynyň düzümine goşulmagyna garaşylýar. Futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2,5 möwsüme niýetlenendir. Ronaldu mahabat şertnamalary bilen birlikde, her möwsüm üçin, takmynan, 200 mln ýewro alar.

9. Kolumbiýada Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty – 2022 badalga aldy. Bäsleşiklere 93 ýurtdan 537 türgen gatnaşýar. Bu çempionatda Türkmenistana 7 türgen wekilçilik edýär. Erkekler ýygyndysynyň düzümine Bunýad Raşidow, Maksad Meredow, Rejepbaý Rejepow, Şatlyk Şöhradow, Şahzadbek Mätýakubow we Dawranbek Hasanbaýew girdi. Zenanlar ýygyndysynyň düzüminde bolsa Anamjan Rustamowa bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň