Soňky habarlar

Arhiw

Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty başlady

13:1005.12.2022
0
30628

Şu gün Kolumbiýanyň Bogota şäherinde agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna badalga berildi.

Dünýä birinjiliginde 93 döwletden 537 türgen gatnaşýar. Şol sanda olaryň 270-si zenanlar, 267-si erkeklerdir.

Türkmenistan bu ýaryşa 7 agyr atletikaçy bilen wekilçilik edýär. Olar Bunýad Raşidow (67 kilograma çenli agram derejesinde), Maksat Meredow (73 kilograma çenli), Rejepbaý Rejebow (81 kilograma çenli), Şatlyk Şöhradow (89 kilograma çenli), Şahzadbek Matýakubow (89 kilograma çenli), Dawranbek Hasanbaýew (102 kilograma çenli) we Anamjan Rustamowa (81 kilograma çenli) dagylardyr.

Dünýä çempionaty 16-njy dekabra çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň