Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýeden Özbegistana barýan ilkinji ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi

11:5305.12.2022
0
35218
Türkiýeden Özbegistana barýan ilkinji ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi
Surat: АО «Узбекистон темир йуллари»

40 wagondan ybarat ýük otlusy Türkiýäniň, Eýranyň we Türkmenistanyň çäginden geçip, Özbegistana geldi diýip, Özbegistanyň Milli habarlar gullugy habar berýär. Habarda wagonlara hojalyk enjamlarynyň (sowadyjy enjamlar) ýüklenendigi aýdylýar.

Otly Türkiýe — Eýran — Türkmenistan — Özbegistan ugrundaky ilkinji ýük otlusydyr. Häzirki wagtda bu ugur boýunça 250-den gowrak wagon ugratmak meýilleşdirilýär.

Umumy uzynlygy 4500 kilometrden gowrak bolan Türkiýe — Eýran — Türkmenistan — Özbegistan ýük demir ýoly «Uzbekiston Temir ýullari» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Türkiýe tarapy bilen bilelikde işlenip düzüldi.

Ýatlap geçsek, alternatiw ugurlar boýunça döwletara gatnawy guramak başlangyçlaryny durmuşa geçirmek taslamasy Samarkantda (Özbegistan) Türk dilli döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň demirýol administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygynda kabul edilipdi. Gepleşikleriň dowamynda Türkiýäniň Izmir şäherinden («Gumruh» stansiýasy) Daşkende ýük gatnawynyň ugry tassyklandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň