Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Russiýadan Türkmenistana uçuşlar boýunça PZR test synaglarynyň ýatyrylandygyny habar berdi

23:4805.12.2022
0
62135

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Russiýanyň howa menzillerinden Türkmenistana uçuşlardaky ýolagçylaryň PZR test synaglarynyň netijelerini barlamagy bes eder. Bu barada Russiýa Federasiýasyndaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Baş Agentliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.

«Turkmenistan Airlines»-iň Russiýa Federasiýasynyň şäherlerinden Türkmenistana uçýan uçarlarynda PZR test synaglary ýatyryldy. Ähli ýolagçylar Türkmenistanyň howa menzillerine gelenlerinde PZR test synagyny geçirerler» diýlip, habarda aýdylýar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy hepdede iki gezek Moskwadan Türkmenbaşy we Kazandan Türkmenabat şäherine yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Ozal «Belawiýa» we «S7 Airlines»-iň Minskden (Belarus) we Moskwadan (RF) Türkmenbaşy (Türkmenistan) şäherine uçuşlarynda Türkmenistanyň raýatlary üçin PZR test synaglaryny ýatyrandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň