Ronaldu «Al-Nassra» gol çekmäge ýakyn geldi

18:2305.12.2022
0
22154

Portugaliýaly hüjümçi Kristiano Ronaldo ýakyn günlerde Saud Arabystanyndan «Al-Nassr» futbol kluby bilen şertnama baglaşar.

Çeşmäniň habaryna görä, portugaliýaly oýunçy mahabat girdejisini goşmak bilen, möwsümde 200 million ýewro töweregi aýlykly 2,5 ýyllyk şertnama gol çeker. Şeýlelikde, Ronaldo Saud Arabystanynyň klubunda bolan döwründe takmynan 500 million ýewro gazanar.

«Al-Nassr» Ronaldo üçin «Al-Hilal» we Ýewropa klublary bilen bolan bäsdeşlikde ýeňiş gazandy. 37 ýaşly portugaliýaly oýunçy Ýewropa klublaryndan käbir ädimlere garaşdy, ýöne resmi teklipleri almady.

Noýabr aýynda Ronaldo žurnalist Piers Morgan bilen geçiren dawaly söhbetdeşlikden soň öňki kluby bolan «Mançester Ýunaýted» bilen şertnamasyny ýatyrandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň