9 ýaşly türkmenistanly tennisçi Sülgün Işangulyýewa Türkiýede geçirilen tennis ýaryşynyň finalynda ýerli türgen Sahra Nehir Temizi 4:2, 4:1 hasabynda ýeňdi.
Izmirde 10 ýaşa çenli tennisçileriň arasynda geçirilen ýaryşa 34 türgen gatnaşdy
Türkmenistanly tennisçi ýaryşyň ähli tapgyrlarynda Türkiýäniň dürli ýerlerinden gelen garşydaşlaryny ýeňip, ajaýyp üstünlik gazandy.
Sülgün Işangulyýewa tennis bilen 3,5 ýaşyndan bäri meşgullanyp gelýär. Onuň ilkinji tälimçisi «Aşgabat» tennis klubyna tälim berýän hünärmen Hajymyrat Çaryýew bolupdy. Häzir bolsa ol Türkmenistanyň birinji raketkasy Ýuriý Rogusskiden tälim alýar.