Türkmen wekilýeti ÝUNESKO-nyň 5-nji dekabrdan 8-nji dekabr aralygynda Kazanda geçiriljek Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak konwensiýasynyň 50 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşar.
Bu wekiliýetiň düzüminde ÝUNESKO-niň meseleleri boýunça Türkmen milli komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary, Medeniýet ministrliginiň maddy däl medeni mirasy bölüminiň başlygy we Daşary işler ministrliginiň wekilleri bar.
ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak baradaky» 1972-nji ýyldaky Konwensiýasy guramanyň halkara hukuk resminamasy we gumanitar ugurda iň giňden ykrar edilen köptaraplaýyn şertnamalaryň biridir. Elli ýyl bäri bu konwensiýa dünýä mirasynyň sanawyny — ähliumumy gymmatlyklaryň ajaýyp medeni we tebigy gözel ýerleriniň sanawyny düzýär we olaryň goralyp saklanylmagyna ünsi çekýär.
Konwensiýanyň ýarym asyrlyk ýubileýine bagyşlanan halkara forumy Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi we Tatarstan Respublikasynyň Hökümeti bilelikde alyp barýar.
Bu çärä Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň, Afrikanyň we Latyn Amerikasynyň 1000 töweregi wekili, şol sanda dünýä mirasynyň aýratyn ýerlerini dolandyrýan degişli ministrler, hökümete dahylsyz bilermenler we ýaşlar guramalarynyň wekilleri gatnaşar diýlip garaşylýar.
Resmi açylyş dabarasy we umumy mejlisler 5-nji dekabrda geçiriler. Soňky günlerde Kazanyň dürli ýerlerinde tematiki çäreler meýilleşdirilýär. Şeýlelik bilen, 6-7-nji dekabr aralygynda birnäçe ugurlar boýunça konferensiýalar bolar.
Mundan başga-da, GDA agza ýurtlaryň ÝUNESKO üçin milli komissiýalaryň ýerine ýetiriji sekretarlarynyň, Daşary işler ministrlikleriniň degişli bölümleriniň ýolbaşçylarynyň we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda ÝUNESKO bilen alnyp barylýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada maslahatlar geçiriler.
Jemleýji ýygnak we jemleýji resminamanyň kabul edilmegi 8-nji dekabrda meýilleşdirilýär.
Şeýle-de okaň: