Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Aşgabat» «Merwi» utdy

23:5102.12.2022
0
9867

«Aşgabat» Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 24-nji tapgyrynda «Merwi» kabul edip, güýçli garşydaşyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Duşuşyk türkmen paýtagtyndaky «Nusaý» stadionynda geçirildi.

«Aşgabadyň» gollaryny Şatlyk Gurbanow (65-nji minut) bilen Merdan Muhadow (73) geçirdi. 8-nji minutda Baýjan Satlykowyň öz derwezesine geçiren goly bolsa «Merwiň» hasabyna ýazyldy.

24-nji tapgyryň duşuşygyndan soň 27 utukly «Aşgabat» altynjy, 39 utukly «Merw» üçünji orunda barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň