Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Urugwaý ýeňiş gazandy, emma pleý-off ýollanmasyny gazanyp bilmedi

23:5002.12.2022
0
12758

Urugwaý DÇ-2022-niň üçünji tapgyrynda Gananyň milli ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Urugwaýa ýeňiş getiren gollaryň ikisi hem Jorjian De Arraskaetanyň (26, 32) adyna ýazyldy. Ýöne bu ýeňiş Urugwaýyň 1/8 final tapgyryna çykmagyna kömek edip bilmedi.

Has takygy, «G» toparçasynda birinji orun Portugaliýa (6 utuk), ikinji orun Koreýa Respublikasyna (4 utuk) nesip edip, ady agzalan iki topar pleý-off ýollanmasyna eýe çykdy.

Urugwaý 4 utuk bilen üçünji orunda, Gana bolsa 3 utuk bilen dördünji orunda ýaryşy tamamlady. Koreýa Respublikasynyň uran gollarynyň sanynyň köpdüginiň hasabyna Urugwaýdan öňe geçendigini bellemek gerek.

Şeýlelikde, Urugwaý 2002-nji ýyldan bäri ilkinji gezek dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryndan binesip galdy. Urugwaý soňky üç mundialda (DÇ-2010-da dördünji ýer, DÇ-2014-de 1/8 final, DÇ-2018-de 1/4 final) yzygiderli pleý-off tapgyryna gatnaşyp gelýärdi. 2006-njy ýylda geçirilen dünýä çempionatynda bolsa Urugwaý saýlama oýunlardaky şowsuz çykyşy sebäpli gatnaşyp bilmändi.

DÇ-2022-niň pleý-off tapgyryna 3-nji dekabrda badalga berler. Final oýny 18-nji dekabrda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň