Eýranyň awtoulag öndürijisi rus bazaryna çykar

13:2102.12.2022
0
15390
Eýranyň awtoulag öndürijisi rus bazaryna çykar
Surat: financialtribune.com

Eýranyň «Kerman Motor» (KMC) awtoulag öndürijisi hytaý awtoulaglarynyň nusgalary bilen rus bazaryna çykmaga taýýarlyk görýär diýip, «MIR 24» ýazýar. Habara görä, Russiýanyň bazaryna MVM, Fownix we KMC brendleriniň astynda öndüriljek Chery we JAC hytaý markalarynyň özgerdilen nusgalary goýberiler.

Mundan başga-da ady agzalan kompaniýa rus bazaryna düşüp biljek täze awtoulagyň üstünde işleýär. Gürrüň JAC J4 hytaý kysymy esas edilen PS1 sedany barada barýar. Onuň bir ýarym litrlik benzinde işleýän, 113 at güýji bolan hereketlendirijisi bolar, şeýle-de 160 at güýjüne deň bolan elektrik hereketlendirijili nusgasyny hem öndürmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň