DÇ-2022: Belgiýa Horwatiýa bilen deň oýnap, ýaryş bilen hoşlaşdy

22:5501.12.2022
0
22064

DÇ-2022-niň «F» toparçasynda üçünji tapgyryň oýnunda Belgiýa Horwatiýa bilen 0:0 hasabynda deň oýnady. Duşuşykda diňe ýeňiş üçin meýdança çykan Belgiýa birnäçe ýiti hüjümleri gurnady, emma hüjümleri jemlemekde belgiýalylara şowlulyk gülüp bakmady. Diňe ikinji ýarymyň özünde ätiýaçdan oýna giren Romelu Lukakunyň bir özi 4-5 sany gola çekýän pursaty ýele sowurdy. Şeýlelikde, Belgiýa 4 utuk bilen toparçada üçünji orny eýeläp, pleý-off tapgyrynda gatnaşmaga hukuk gazanyp bilmedi. Belgiýanyň ýygyndysy Katarda geçirilýän mundialda garşydaşlarynyň derwezesine bary-ýogy ýekeje gol urup bildi. Bu ýurduň ýygyndysy üçin 1930-njy ýylda geçirilen dünýä çempionatyndan bäri iri halkara ýaryşdaky (dünýä çempionatlaryny we Ýewropa çempionatlaryny hasaba alanyňda) iň şowsuz netijedir. Bu kwartetden indiki tapgyra 5 utuk bilen ikinji orny alan Horwatiýa hem-de şu gün Kanadany 2:1 hasabynda ýeňip, 7 utuk bilen birinji orna eýe çykan Marokko ýol aldy.

Indiki tapgyrda Marokko «E» toparçasynda ikinji orny alan ýygyndy bilen duşuşsa, Horwatiýa şol toparçada birinji orny eýelän topara garşy meýdança çykar.

«E» toparçasynda üçünji tapgyryň duşuşyklary şu gün 23:55-de başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň