Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygy bilen duşuşdy

22:0930.11.2022
0
14263
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygy bilen duşuşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygy hanym Neda Berger bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow myhman bilen mähirli salamlaşyp, onuň Türkmenistanda uly hormata eýedigini, ýurtda geçirilýän köp sanly baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşýandygyny we iki döwletiň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda aýdylyşy ýaly, Türkmen-awstriýa jemgyýeti 2008-nji ýylyň noýabr aýynda döredildi we onuň internet saýty açyldy. Şeýle-de «Galkynyş» žurnaly çap edilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Aşgabatda we Wena şäherinde bu jemgyýetiň guramagynda Medeniýet günleri yzygiderli geçirilýär.

Ýewropada ýeke-täk «Galkynyş» atly bilelikdäki simfoniki orkestriň çykyşlarynyň, Aşgabatda guralýan Wena ballarynyň we beýleki döredijilik çäreleriniň taraplaryň medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýändigi nygtaldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy iki ýurduň we halklaryň has-da ýakynlaşmagy, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň giňden wagyz edilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edýändigi üçin Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy. Şeýle-de parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda Awstriýa Respublikasy bilen ýola goýulýan dostluk gatnaşyklaryna ýokary baha berilýändigini belläp, Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygy hanym Neda Bergere berk jan saglyk, abadançylyk we üstünlik arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň