Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýapon dili boýunça synaglaryň geçiriljek wagty we ýeri belli boldy

20:0830.11.2022
0
31121

Ozal hem habar berşimiz ýaly, dekabr aýynda Aşgabatda ýapon dili boýunça synag (JLPT) geçiriler.

Synag barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda doly maglumat berilýär.

Synag 4-nji dekabr güni, hepdäniň ýekşenbe güni Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriler. Şol gün

Sagat 9-da N1 ― N3 derejeleri;

Sagat 14-de N4 ― N5 derejeleri boýunça synaglar geçiriler.

Ilçihana synaga gatnaşyjylardan onuň geçirilýän ýerine wagtynda gelmegi haýyş edýär.

Ilçihana ýygnamak wagtyny berk berjaý etmegiňizi soraýar hem-de olardan sanitariýa kadalaryny berk berjaý etmegi haýyş edýär. Şol kadalar synagy guraýjylar we kabul edijiler tarapyndan hem berjaý ediler.

JLPT synaglary şu ýylyň hasabyna ilkinji gezek geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň