Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ahmet Atajanow Nýu-Delide geçirilen halkara festiwalda çykyş etdi

22:3928.11.2022
0
29265

27-nji noýabrda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde «ABU TV Song Festival» atly 11-nji halkara aýdym-saz festiwaly geçirildi.

Medeni çäre Aziýa ― Ýuwaş ummany teleradiogepleşik birleşigi tarapyndan guraldy.

Oňa birleşigiň agzasy bolup durýan 9 döwletiň iň gowy ýerine ýetirijiler gatnaşdy. Türkmenistana «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň 2017-nji ýyldaky ýeňijisi Ahmet Atajanow gatnaşyp, «Dünýä dursun parahat!» («World-Live-Peace») atly aýdymy ýerine ýetirdi.

ABU-nyň 7-nji festiwalynyň 2018-nji ýylda Türkmenistanda geçirilendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň