DÇ-2022-niň «G» toparçasyndaky ikinji tapgyryň birinji oýnunda Kamerun Serbiýa bilen 3:3 hasabynda deň oýnady. Dartgynly geçen duşuşykda hasaby açmak kamerunlylara nesip etdi. Oýnuň 29-njy minutynda Kastelleto Kameruny hasapda öňe çykardy.
Emma emin tarapyndan birinji ýaryma goşulyp berlen minutlarda serbler iki gol urup, arakesmä ýeňiji hökmünde çykmagy başardylar. Has takygy, 45+1-nji minutda Pawlowiç, 45+3-nji minutda bolsa Milinkowiç-Sawiç öz adyna gol ýazdyrdy. Duşuşygyň ikinji ýarymy hem Serbiýanyň goly bilen başlandy. 53-nji minutda Mitrowiç serbleriň hasapdaky üstünligini iki topa çykardy. Emma kamerunly oýunçylar erjel hereket edip, ýeňlişden halas bolmagyň hötdesinden geldiler. 63-nji minutda Abubakar, 66-njy minutda Şupo-Moting tarapyndan urlan gollar oýnuň deňlikde tamamlanmagyna getirdi.
Şeýlelikde, Serbiýanyň we Kamerunyň ýygyndylary şu mundialdaky ilkinji utuklaryny gazandylar. «G» kwartetinde ikinji tapgyryň beýleki oýny Braziliýa bilen Şweýsariýanyň arasynda bolar. Hersi 3 utukdan toplan bu toparlaryň arasyndaky gapma-garşylyk şu gün 21:00-da başlanar.
«G» toparçasynda üçünji tapgyryň duşuşyklary 2-nji dekabrda 23:55-de başlanar. Indiki tapgyrda Serbiýa Şweýsariýa bilen, Kamerun bolsa Braziliýa bilen güýç synanyşar.
Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň çäginde dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna «Match tv» teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.