Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda ylmy maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Hökümet agzalary, TÜRKSOÝ-nyň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, medeniýet merkezleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, Aşgabat forumyna gatnaşýan ýurtlaryň alymlary, hünärmenler gatnaşdylar.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew şu gezekki halkara forumyň adamzadyň ruhy mirasynyň köklerini öwrenmekde ähmiýetini nygtady hem-de türki halklaryň medeni mirasyny wagyz etmek, şol sanda TÜRKSOÝ tarapyndan Magtymguly Pyragynyň ýyly diýip yglan edilen 2024-nji ýylda belleniljek beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň 300 ýyllygyna, şeýle-de Türkmenistanyň gadymy şäheri Änewiň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly çäreleri guramaga taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.
Şeýle hem maslahatda Täjigistan Respublikasynyň medeniýet ministri Zulfiýa Dawlatzoda, Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministri Olga Lýubimowa (sanly ulgam arkaly), Eýran Yslam Respublikasynyň «Namek» saz mekdebiniň mugallymy Firozeh Modir Horasani we beýlekiler çykyş etdiler.
Çykyş edenler häzirki döwürde dünýä siwilizasiýasynyň hazynasynda aýratyn orun eýeleýän türkmen halkynyň saz sungatyny, onuň gadymy medeni mirasyny çuňňur öwrenmek, giňden wagyz etmek we geljek nesiller üçin gorap saklamak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny nygtadylar. Türkmenleriň halk döredijiliginiň, nusgawy edebiýatynyň umman ýaly çuň çeşmeleri bu sungatyň gözbaşy bolup durýar.