27-28-nji noýabrda Ankara boljak sapary wagtynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow türk kärdeşi Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşar. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň liderleriniň sammitine taýýarlyk meseleleri boýunça maslahatlaşylar. Bu barada Türkiýäniň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Türkiýäniň daşary işler ministrliginiň beýanatynda: «Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn we sebitleýin meselelerden başga-da, ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän üçtaraplaýyn Türkiýe — Azerbaýjan — Türkmenistan sammitine deslapky taýýarlyklar ara alnyp maslahatlaşylar» diýilýär.
Ozal Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri bilen ýangyç we energetika pudagyndaky bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin dekabr aýynyň başynda Aşgabat şäherine baryp görmegi meýilleşdirýändigi habar berildi.