Aşgabatda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

10:4919.11.2022
0
18516

Aşgabatda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň sammitini geçirmäge taýýarlanylýar. Foruma taýýarlyk görmegiň çäginde üç ýurduň daşary işler, ulag we energetika ministrleriniň duşuşyklary geçirilýär diýip, «Türkmenistan» gazeti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine salgylanyp habar berdi.

Üç tarapyň arasynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň sammitini Türkmenistanda geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy we biz bu ýokary derejeli çäräni ýurdumyzda guramak üçin taýýardygymyzy ýene-de bir gezek yglan edýäris — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen geçirilen duşuşykda aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellemegine görä, üçtaraplaýyn sammite taýýarlyk görmegiň çäginde ýokary derejeli duşuşykda gol çekilmeli resminamalaryň üstünde degişli işler alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň