Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop sapar bilen Aşgabada geldi

17:0017.11.2022
0
35326
Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop sapar bilen Aşgabada geldi
Surat: aa.com.tr

Şu gün Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop sapar bilen Aşgabada geldi. «Anadolu Ajanci» habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy saparynyň birinji gününde Aşgabadyň gözel künjeklerine baryp görer. Saparynyň ikinji gününde bolsa türkmen-türk parlamentara gepleşiklerine gatnaşmagyna, resmi kabul edişlikleri geçirmegine garaşylýar.

Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygyndaky türk wekiliýetiniň düzüminde Türkiýäniň Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary Muhammet Emin Akbaşoglu, Respublikan halk partiýasynyň deputaty Newsehir Faruk Sarýaslan, Izmirden Milletçi hereket partiýasynyň deputaty Hasan Kaloncu we beýleki wekiller bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň