Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Awstraliýa Dýukyň ýeke-täk goly bilen Tunisi ýeňdi

18:0026.11.2022
0
16419
DÇ-2022: Awstraliýa Dýukyň ýeke-täk goly bilen Tunisi ýeňdi

Awstraliýanyň ýygyndysy Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň ikinji tapgyrynda Tunisi ýeňlişe sezewar etdi. «El-Janub» stadionynda geçirilen oýun 1:0 hasabynda awstraliýalylaryň ýeňşi bilen tamamlandy.

Awstraliýa ýeňiş getiren ýeke-täk gol 23-nji minutda «Fajano Okaýamanyň» hüjümçisi Mitçell Dýukyň adyna ýazyldy.

Şeýlelikde, Awstraliýa «D» kwartetinde 3 utuk bilen ikinji orna göterildi. Toparçada birinji orun 3 utuk toplan dünýäniň häzirki çempiony Fransiýa degişli bolsa, 1 utukdan gazanan Daniýa we Tunis 3-4-nji ýerleri paýlaşyp durlar.

Toparçada ikinji tapgyyrň beýleki oýny Fransiýa bilen Daniýanyň arasynda geçiriler. Bu duşuşyk şu gün Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlanar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň çäginde dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna «Match tv» teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň