Garasöýmezdigi üçin işden çykarylan fransiýaly kazyýetde ýeňiş gazandy

12:4126.11.2022
0
22548
Garasöýmezdigi üçin işden çykarylan fransiýaly kazyýetde ýeňiş gazandy
Surat: gazeta.ru

Fransiýanyň ýaşaýjysy özüni ýeterlik derejede şadyýan däldigi üçin işden boşadan kompaniýa garşy kazyýet işinde ýeňiş gazandy diýip, NDTV teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Erkek kişi kompaniýanyň korporatiw çärelerine gatnaşmandygy, ýagny meýlisleri, spirtli içgileri halamaýandygy üçin işden boşadylandygyny nygtaýar.

Kazy hökümi düşündirmek bilen, hemme kişä kärdeşleri bilen goh-galmagally oturylyşyklaryň ýarap durmaýandygyny, munuň adamlary eklenjinden kesmek üçin delil däldigini aýtdy hem-de işgäriň hukugyny kemsidendigi üçin iş berijini öweztölegini tölemäge borçly etdi.

Erkek kişi baryp 2015-nji ýylda işden boşadylypdyr, emma hut häzirki güne çenli adalaty gazanyp bilmändir, onuň şikaýaty telim gezek kazyýet tarapyndan yzyna gaýtarylypdyr, bu gün bolsa kanun onuň tarapynda boldy. Ol indi adalatyň her niçigem bolsa bardygyny aýdyp, ynjalandygyny gürrüň berýär.

Öňki kärdeşleriniň käbiri onuň içgysgynç adamdygy üçin däl-de, ýaramaz işländigi hem-de tankydy halamaýandygy zerarly işden boşadylandygyny tekrarlaýar. Şikaýatçynyň näçe öweztölegini alandygy habarda aýdylmaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň