Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Luwrda Türkmenistanyň taryhy gymmatlyklarynyň sergisini guramak ara alnyp maslahatlaşyldy

10:4926.11.2022
0
17361

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Mährijemal Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Parižde saparda bolýar.

Saparyň çäginde 24-nji noýabrda Luwryň binasynda türkmen wekiliýeti bilen muzeýiň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Luwrda Türkmenistanyň täsin sungat eserleriniň sergisini geçirmek boýunça amaly ädimleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Fransuz tarapy Luwrda görkezmek üçin ozal hödürlenen eksponatlaryň suratlary hem-de beýany bilen tanyşdy.

Luwryň gündogar gadymylyklary bölüminiň müdiri Ariana Tomas türkmen wekiliýetine muzeýde sergileri guramagyň çylşyrymlylygy barada giňişleýin maglumat berdi, şeýle hem artefaktlary saklamagyň usullary we muzeý eksponatlaryny dikeltmek boýunça işleriň tertibi barada gürrüň berdi.

Luwrda türkmen-fransuz arheologik toparynyň 20 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli işleýän täsin ýadygärligi bolan Ulug-Depe şäherçelerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan taryhy eserleri görkezmek göz öňünde tutulýar.

Ýylyň dowamynda Luwryň wekilleri bilen bu serginiň geçirilmegi barada gepleşikler birnäçe onlaýn duşuşyklar arkaly geçirildi.

Taraplar 300 müň töweregi eksponat saklanýan, şolardan 35 müňüsi zallarda sergilenýän dünýäniň iň uly muzeýleriniň biri bolan Luwrda bu sergini geçirmek üçin şertnama baglaşmak barada ylalaşdylar. Her ýyl muzeýe on million töweregi syýahatçynyň gelýändigi aýratyn bellärliklidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň