Bişkekde gurultaý dowam edýär

10:0126.11.2022
0
17134
Bişkekde gurultaý dowam edýär
Surat: mir24.tv

Düýn Gyrgyzystanyň paýtagtynda gurultaý öz işine başlady, oňa Respublikanyň ähli künjeginden wekilleriň müňe golaýy ýygnandy diýip, «MIR 24» ýazýar.

Iki günüň dowamynda halk maslahatynyň wekilleri Prezident bilen ýurduň ýaşaýjylaryny gyzyklandyrýan meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar, Gyrgyzystany mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alşarlar. Olaryň hatarynda ýeriň we suwuň paýlanyşy, ýollaryňdyr durmuş maksatly binalaryň gurluşygy ýaly meseleler bar.

Gurultaý soňky gezek Respublikada 12 ýyl mundan öň geçirildi. Bu gezekki halk maslahatynyň işine ýurduň ilaty ýerli teleýaýlymlarda we sosial ulgamlarda göni ýaýlym arkaly seredip bilýär.

Düýn gurultaýda ilkinji bolup, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Gyrgyzystanyň energiýa krizisinden çykyp, elektrik energiýasyny eksport ediji döwlet bolmalydygyny, ýurduň tebigy gorlara baýdygyny, golaý wagtda demir ýataklarynyň işlenip başlanjakdygyny we munuň demir ýollary gurmak üçin ýerli önümçiligi ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

«Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýoluny gurmak barada ylalaşyldy, bu taslama bize deňze çykmaga hem-de üstaşyr geçiriji döwlete öwrülmäge şert döreder, netijede, ösüş üçin has uly ykdysady mümkinçiliklerimiz dörär» diýip, Sadyr Žaparow nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň