Türkmenistanyň «Demirýollary» AGPJ-niň başlygynyň orunbasary A.Hudaýberdiýew Özbegistanda «Ozbekiston temir ýullari» paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory S.Norkobilow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada özbek resmi saýtlarynda habar berilýär.
Taraplar duşuşygyň dowamynda demir ýol ulgamynda, hususan-da, ýükleri daşamakda hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.
Duşuşykda ýükleriň üstaşyr geçirilişini artdyrmak, şeýle-de ulaglar we haryar babatda deslapky maglumatlary paýlaşmak we beýleki käbir meselelere durup geçdiler. Taraplar geljekde-de demir ýol ulgamynda we ýükleri daşamakda hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmek boýunça ylalaşyga geldiler.