Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Batşuaýiniň ýeke-täk goly Belgiýa ýeňiş getirdi

09:5324.11.2022
0
18444

DÇ-2022-niň dördünji gününiň oýunlaryny Belgiýa — Kanada duşuşygy jemledi. Oýunda 1:0 hasabynda Belgiýanyň ýygyndysy ýeňiş gazandy. Ýewropanyň wekiline ýeňiş getiren topy 44-nji minutda Mişi Batşuaýi öz adyna ýazdyrdy. Oýuna barada bellenilmeli zatlaryň ýene biri 10-njy minutda emin Kanadanyň peýdasyna penalti berdi. Emma Alfonso Dewisiň depen topuny Tibo Kurtua gaýtarmagy başardy. Şeýlelikde Belgiýanyň ýygyndysy 3 utuk bilen «F» toparçada birinji orna geçdi. Utuk gazanyp bilmedik Kanada iň soňky ýerde ornaşdy. 2-3-nji ýerler bolsa özara deň oýnan Marokkonyň we Horwatiýanyň ýygyndylary paýlaşyp durlar.

«F» toparçasyndaky ikinji tapgyryň oýunlary 27-nji noýabrda geçiriler. Şol gün Belgiýa Marokko bilen, Horwatiýa bolsa Kanada bilen güýç synanyşar.

Düýnki oýunlaryň netijeleri:

  • «F» toparça. Marokko — Horwatiýa 0:0
  • «E» toparça. Germaniýa — Ýaponiýa 1:2
  • «E» toparça. Ispaniýa — Kosta-Rika 7:0
  • «F» toparça. Belgiýa — Kanada 1:0
  • Bu günki boljak ähli oýunlar:
  • «G» toparça. Şweýsariýa — Kamerun — 15:00
  • «H» toparça. Urugwaý —Koreýa Respublikasy — 18:00
  • «H» toparça. Portugaliýa — Gana — 21:00
  • «G» toparça. Braziliýa — Serbiýa — 00:00
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň