Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň köýnekçesini geýenimde, özümi bagtly hasaplaýaryn» ― Ruslan Mingazow

19:2523.11.2022
0
24319

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy, gynansak hem, Katarda däl. Hatda mundiala gatnaşyjylaryň arasynda ýekeje-de Türkmenistanyň pasportunyň eýesi bolan ýa-da Ýokary ligada tejribe toplan futbolçy hem ýok. Ýöne bu ýagdaý türkmenistanly futbol janköýerlerine mundialyň dowam edýän günlerinde guwanmaga bolan sebäbiň öňüni baglap bilmeýär.

Mundan 31 ýyl ozal edil şu gün ― 1991-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geljekde Türkmenistanyň iň gowy futbolçylarynyň biri boljak, milli çempionatdan daşary Latwiýada, çehiýada, Gazagystanda we Gonkongda tejribesini artdyryp, başarnygyny ykrar etdirjek oglanjyk dünýä indi.

Gürrüňiň Ruslan Mingazow barada barýandygyny aňan bolsaňyz gerek. Turkmenportal häzirki wagtda Gonkongyň çempionatynda çykyş edýän 31 ýaşly futbolçy bilen söhbetdeş boldy.

(Redaksiýanyň belligi ― bu söhbetdeşlik 21-nji noýabrda ― Angliýa bilen Eýranyň arasyndaky duşuşykdan we Kriştianu Ronaldunyň «Mançester Ýunaýtedden» aýrylmagyndan öň bolup geçdi).

― Mingazow Katarda geçirilýän dünýä çempionatynyň açylyş duşuşygy barada nähili pikirde? Oňa görä, haýsy ýygyndy dünýäniň çempiony bolar ýa-da haýsy ýygyndy futbol janköýerlerine garaşylmadyk sowgatlary taýýarlap biler?

― Men Ekwadoryň ýygyndysynyň düýbünden başga derejä çykandygyny görýärin. Kataryň utuljakdygyny çaklaýardym, ýöne ýygyndy öz janköýerleriniň arasynda has gowy çykyş eder öýdýärdim. Gynansak hem, beýle bolmady. Mundialda Aziýa wekilçilik edýän ýygyndylardan Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň we Eýranyň gowy çykyş etjekdigine ynanýaryn.

― 2019-njy ýylda Aziýanyň çempiony bolan Kataryň oýny, seniň pikiriňçe-de, häzir ozalkysyndan biraz gowşadymy? Pandemiýa futbola güýçli täsirini ýetirdimikä?

― Men häzir Kataryň ýygyndysy ozalkysyndan pes oýun görkezýär diýen pikirde. Häzir ýygyndy Dünýä çempionatynda ýaryşýar. Bu ýerde bolsa tejribe köp zady kesgitleýär. Katar heniz beýle ýokary derejeli ýaryşlara gatnaşyp gören ýygyndy däl. Ýöne Ýaponiýa bilen Koreýa Respublikasynyň Ýewropa derejesinde oýnaýandygyny aýdyp bilerin. Olaryň ýiti göreş alyp barjakdygyna hem ynanýaryn.

― Ýöne Katar ýer eýesi, bu artykmaçlyk topara goşmaça güýç bermezmi?

― Käte bu tersine-de bolýar.

― Siz finalda haýsy ýygyndyny görýärsiňiz? Belki, Fransiýa geçen dünýä çempionatyndaky üstünligini gaýtalap biler.

― Men Argentina ― Portugaliýa finalyny görmek islärdim. Ýöne, häzirlikçe, bu juda bir mümkin görünmeýär. Fransuzlar bolsa dünýä çempiony bolan ýyllaryndan bäri köp zat ýitirdiler. Üstesine, olarda basyş hem güýçli. Şeýle-de bolsa, Fransiýanyň ýygyndysynda ozalky üstünligini gaýtalap biljek güýç bar.

― Köp adamlar Messi bilen Ronaldunyň karýerasyndaky iň soňky dünýä çempionatyna gatnaşýandygyna ynanýarlar. Siziň pikiriňizçe, olar Pele we Maradonanyň derejesine ýetip bilerlermi ýa eýýäm olar şol derejedäki abraýy gazandylarmy?

― Dünýäniň çempiony bolmasalar hem, olar eýýäm şöhratyň we abraýyň çür depesine çykmagy başardylar. Elbetde, dünýä çempionlygy bu ýyldyzlaryň ikisiniň hem arzuwy. Bu çempionlyk, edil tortdaky ülje ýaly, olaryň karýerasynyň iň datly baýragyna öwrülerdi. Şondan soň (dünýä çempionlygyndan soň ― redaksiýanyň belligi) Ronaldu, özüniň hem aýdyşy ýaly, karýerasyny ýapyp biler. Bu juda ajaýyp jemleme bolardy. Men soňky 15 ― 20 ýylyň içinde yzygiderli kämilleşen Serbiýanyň ýygyndysynyň hem uly işleri başaryp biljekdigine ynanýaryn. Olaryň oýnuna tomaşa etmek gyzykly bolar.

Indi ýarym degişme bilen Gonkongyň çempionatynda çykyş etmegiň dünýä çempionaty bilen bagly täsiri barada sorajak. Çünki agşamky türgenleşikler duşuşyklaryň göni ýaýlymda alnyp görkezilýän wagtyna gabat gelýär

― Dünýä çempionatynyň duşuşyklary Gonkongyň wagty bilen has giç başlaýar (Gonkong Aşgabatdan üç sagat öňde ― redaksiýanyň belligi). Diýmek, ýa türgenleşiklere çykmaly, ýa-da çempionatyň duşuşyklaryna tomaşa etmeli bolýarsyňyz. Ikiden birini saýlamaly.

― Dogrusy, gündizki duşuşyklar bilen bagly hiç hili kynçylyk ýok. Ýöne giçkilere tomaşa etmek birneme kyn. Irden gyzymy çagalar bagyna äkidip, soňra özüm türgenleşiklere barmaly. Şonuň üçin her gün iki duşuşyga göni ýaýlymda tomaşa etmäge synanyşýaryn. Beýleki duşuşyklary bolsa ýazgy arkaly görmeli bolýar. Ýöne tälimçimiz bilen türgenleşikleriň wagtyny üýtgetmek barada gürleşip bolýar. Her niçik hem bolsa, dünýä çempionaty dört ýyldan bir gezek geçirilýär. Onuň bir duşuşygyny hem deňiňden geçiresiň gelenok.

― Maşgalaňyz bilen ýeterlik derejede wagt geçirip bilýärsiňizmi?

― Meniň gyzlarym ― futboluň janköýerleri. Olar meniň her bir duşuşygymda stadiona gelýärler. Käte bolsa öýde bilelikde futbol görýäris, haýsydyr bir futbolça janköýerlik etmegi hem başarýarlar.

― Gyzlaryňyz we ýanýoldaşyňyz bilen düşen suratlaryňyzy jemgyýetçilik torlaryndaky hasabyňyz arkaly hem paýlaşýarsyňyz. Bu örän gowy! Olar Gonkonga öwrenişdilermi? Belki, eýýäm hytaý dilinde gürlemegi öwrenendirler?

― Umuman, ýanýoldaşym Gonkongda ýaşamak pikirini başdan goldady. «Kitçä» transferimde onuň täsiriniň bardygy syr däl. Ýogsam, maňa başga teklipler hem bardy. Häzirki ýagdaýlary göz öňünde tutup, karara gelmekde ýalňyşmandygymy görýärin. Men bu ýeri juda haladym, Gonkong ― owadan şäher. Bu ýerdäki binalar we baglar söz bilen taryp ederden has owadan. Bu ýerde adamlaryň agramly bölegi iňlis dilinde gürleýärler, şonuň üçin çagalarym eýýäm bu dili gowy özleşdirip başlady. Käwagt kiçi gyzym çagalar bagyndan hytaý dilindäki käbir sözleri öwrenip gelýär, ýöne onuň näme diýýänine hiç birimiz düşünemzok.

Dogduk şäherini ― Aşgabady küýseýär, geljek tomusda öýüne gelip görmegi meýilleşdirýär. Çagalyk ýatlamasy bolsa has täsirli

― Aşgabatda iň soňky gezek haçan bolupdyňyz? Şäheri küýsänsiňiz.

― Küýsedim. Käwagt karýeram barada pikir edýärin. Eden, edýän zatlarymyň ählisi maşgalam, geljegim we Watanym üçin. Käte Türkmenistany diýseň küýseýärin. Möwsümiň ahyrynda öýe dolanmagy meýilleşdirýärin. Aşgabada geljek ýylyň tomsunda barsam gerek. Şäherden soňky gezek 2020-nji ýylyň 24-nji fewralynda çykyp gaýdypdym.

― Öýňüz barada pikirleneniňizde, şäheriň haýsy bölegini has göresiňiz gelýär?

― Öz öýmüzi. Mir ― 3-üň («Parahat-3» ― redaksiýanyň belligi) köçelerini. Bu ýerde meniň çagalyk ýatlamalarym bar.

Gonkongyň çempionaty, türkmen palawy we türkmenistanly futbolçylaryň dünýä çykmagy barada

― Bu möwsümde gowy netijeleri görkezýärsiňiz? Bu üstünligiň syry nämede?

― Men häzir bütinleý futbola üns berýärin. Maşgalam bu şäheri halaýar. Diýmek, ünsümi futboldan sowjak hiç zat ýok. Ata Watanyma Gonkongda wekilçilik edip, ýerli futbolçylardan tapawutlanyp bilendigime begenýärin. Hatda ýerli neşirler tarapyndan guralan söhbetdeşlikde hem «Türkmenistanda ajaýyp oýunçylaryň bardygyny görkezmek isleýärin» diýdim. Men dünýä jemgyýetçiliginiň biz barada köp zatlary bilmegini isleýärin.

― Siz Gonkongyň Premýer-ligasyndaky ilkinji türkmenistanly futbolçy. Adatça, niredendigiňizi nädip soraýarlar?

― Men eýýäm bu ýagdaý bilen öwrenişdim. Bu duýgulary Çehiýada hem başdan geçiripdim. Kimdir biri Türkmenistan barada has köp zat bilmek islese, men ony öýmüze çagyrýaryn. Aýalym palaw bişirýar, Türkmenistanyň suratlaryny görkezýärin we biziň ýurdumyza gezelenje çagyrýaryn.

― Ýoldaşlaryňyzyň Türkmenistanyň futboly bilen gyzyklanmalary nähili?

― Ligamyzyň duşuşyklaryna nireden tomaşa edip boljakdygyny soraýarlar. Jemgyýetçilik torlarynda maglumatlar kän, ýöne men olaryň köp wideogörnüşlere tomaşa etmegini isleýärin. Hut, şu ýol bilen daşary ýurtly hünärmenler we futbolçy skautlary biziň oýunçylarymyz barada köp zatlary öwrenip bilerler.

AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky tejribesi we tejribeli futbolçylaryň Türkmenistana gelmegi baradaky arzuwy hakda

― Siz şu ýyl karýeraňyzda ilkinji gezek AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş etdiňiz. Bu ýaryş sizde nähili täsir galdyrdy?

― Näme aýdyp bilerin: ilkinji oýun, ikinji gol, ilkinji oýunda meniň iň gowy futbolçy saýlanylmagym. Ählisi ajaýypdy! Hatda, mundan uly ajaýyplygy göz öňüne getirip hem bolmaz. Bu diňe meniň üçin däl, «Kitçi» toparynyň taryhy üçin hem diýseň uly üstünlik. Men bu toparyň bir agzasydygyma we onuň üstünliklerine goşant goşup bilýändigime diýseň begenýärin.

― Iniesta garşy oýnamak nähili duýgudy («Kitçi» AFK-nyň çempionlar ligasynda düzüminde ispaniýaly ýyldyz hem bolan «Wissel Kobe» bilen bir toparçada ýaryşdy ― redaksiýanyň belligi)?

― Gynansagam, onuň şikesi sebäpli, maňa dünýäniň iň güýçli futbolçylarynyň birine garşy oýnamak bagty miýesser etmedi. Göwnüme bolmasa, ol karýerasynyň soňky basgançaklarynda. Şeýle beýik futbolçy karýerasyny Ýaponiýada dowam etdirmekden gorkmady, bu bolsa onuň üçin diýseň ajaýyp tejribe boldy. Men şeýle ýokary derejedäki futbolçylaryň bir gün Türkmenistana hem geljekdigine ynanýaryn.

Mingazow we «Kitçi» ikitaraplaýyn şertnamany uzaltmagyň üstünde işleýärler

― Internetde «Kitçi» bilen baglaşan şertnamaňyzyň aýratynlyklary barada maglumat ýok. Bu barada özüňizden eşitmek has ýakymly bolar.

― Häzirki şertnamamyzyň möhleti indiki ýylyň ýanwar aýynda tamamlanýar. Ýöne häzir onuň möhletini uzaltmak üçin gepleşikleri geçirýäris. Munuň bilen iki tarap hem ýakyndan gyzyklanýar.

― «Transfermarkt» portalyna görä, köp ýyllardan bäri siz Türkmenistanyň iň gymmat bahaly futbolçysy bolup gelýärsiňiz. Transfer bahaňyz 500 müň ýewro ýetýär.

― Bu ― meniň üçin abraý. «Transfermarktda» iň gowy türkmenistanly futbolçy bolmak diýseň ýakymly.

«Mançester Ýunaýted» bilen bolan ýagdaýda Ronaldunyň tarapynda

― Ronaldu bilen «Mançester Ýunaýtediň» arasyndaky ýagdaýlardan habarlysyňyz. Siz kimiň tarapynda?

― Dogrusyny aýtsam, Ronaldu bilen guralan uly söhbetdeşligi diňlän, ýakynda onuň perzendinden mahrum bolandygyny bilýän her bir adam ýyldyz oýunçynyň ruhy ahwalyna düşünmeli. Ronaldu möwsümiň öňüsyrasyndaky türgenleşiklere gatnaşyp bilmedi we täze tälimçi (Erik ten Hag ― redaksiýa.) bilen işleşip başlady. Meniň pikirimçe, Ronaldu oýnamaly. Beýle beýik karýera bu derejedäki pajygaly ýagdaý bilen tamamlanmaly däl. Ýöne Ronaldunyň «Mançester Ýunaýted» bilen bagly ertekisi tamamlanan bolsa gerek. Muny söhbetdeşlikden hem aňmak bolýar. Ýöne ýagdaýlary açyk aýtmakdan saklanmalydy. Adam köp, diýmek, sen barada her kim aýry-aýry pikir edip biler.

Türkiýäniň «Dudullu sporunyň» türkmenistanly futbolçysyny gutlady

― Ýakynda türkmen futbolynda hem taryhy täzelikler boldy. Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek FIFA-nyň reýtingine girizildi. Bu üstünlikde kakaňyz ― zenanlar ýygyndymyzyň baş tälimçisi Kamil Aleksandrowiç Mingazowyň tagallasy diýseň uly. Bu üstünlige siz nähili baha berýärsiňiz?

― Kakamyň hemişe öňegidişlik bilen işleýändigini bilýärin. Meni onuň Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy bilen gazanýan üstünlikleri hem begendirýär. Maýýa barada aýdylanda bolsa, men ony ýakyndan tanaýaryn we gyzgyn gutlaýaryn.

Türkmenistanyň milli ýygyndysyna çagyrylmak mertebesi we soňky ýyllarda ýygynda ýardam berip bilmezligi barada

― Milli ýygyndymyz bilen häzirki gatnaşyklaryňyz nähili?

― Ilkinji aýtjak zadym: ýene milli ýygynda gaýdyp barjakdygyma ynanýanlygymdyr. Pandemiýa sebäpli soňky çakylyklaryň birnäçesine baryp bilmedim. Geljekde bu kynçylyklaryň aradan aýrylyp, hemme zadyň düzeljekdigine ynanýaryn. Aziýanyň kubogyna gatnaşyp bilmezligimiz bolsa diýseň gynandyrýar.

― Milli ýygyndyda çykyş etmek siziň üçin nähili beýiklik?

― Milli ýygyndy ― meniň baýlygym, mertebäm. Men futbol meýillerim bilen ýaşaýaryn. Munda bolsa diňe öňe gitmek gerek. Haçanda, men milli ýygyndymyzyň köýnekçesini geýenimde, söz bilen düşündirip bolmajak bagta beslenýärin. Öz ýurdumyzda, janköýerlerden doly stadionda futbol oýnamak bolsa has ýakymly. Şol pursatda, sen eliňden gelenini gaýgyrman Watanyň üçin gowy futbol oýnasyň gelýär. Maňa soňky ýyllarda ýetmeýän ýeke-täk zat, ine, şu duýgy. Ýöne bu arzuwyma-da ýakynda ýetjekdigime ynanýaryn.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň