Soňky habarlar

Arhiw

Saýat etrabynyň täze ilatly ýerlerini gazlaşdyrmak işleri tamamlandy

16:0518.11.2022
0
23489

Saýat etrabynyň Saýat şäheriniň Garagum sährasynyň eteginde peýda bolan täze ilatly ýerlerini gazlaşdyrmak işleri üstünlikli tamamlandy.

Munuň üçin umumy uzynlygy 1 müň 500 metrden gowrak gaz geçirijisi çekildi we gaz paýlaýjy nokatlar oturdyldy diýip, «Jeyhun.news» ýazýar.

Şeýle işler etrabyň beýleki ýerlerinde hem alnyp barylýar. Şonuň netijesinde «mawy ýangyçdan» peýdalanýan hususy hojalyklaryň sany barha artýar.
Häzirki wagtda şeýle mümkinçilikden peýdalanýan hojalyklaryň sany 17 müň 274-e barabar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň