Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly dzýudoçylar Tokio Gran-prisine gatnaşarlar

12:1518.11.2022
0
21509

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek Uly tuwulga ýaryşynda türkmenistanly dzýudoçylary hem hasaba aldy.

Türkmenistanly 12 dzýudoçy dünýäniň 66 döwletinden erkekleriň 194-siniň we zenan türgenleriň 125-siniň gatnaşjak ýaryşynda güýç synanyşarlar.

Iri ýaryşda Türkmenistanyň erkekler ýygyndysyna Aýbek Ömirow, Toýly Myradow (60 kilograma çenli agram derejesinde), Serdar Rahymow, Hekim Agamämmedow (66 kilograma çenli agram derejesinde), Parahat Nazarow, Kemal Öwezdurdyýew (73 kilograma çenli agram derejesinde), Mämmedaly Açyldyýew (81 kilograma çenli agram derejesinde) we Baýmyrat Majanow (100 kilograma çenli agram derejesinde) dagylar wekilçilik edýär.

Aksoltan Hojageldiýewa, Gurbanaý Gurbanowa (48 kilograma çenli agram derejesinde), Maýsa Pardaýewa (57 kilograma çenli agram derejesinde) we Zülhumar Daşgynowa (63 kilograma çenli agram derejesinde) dagylar bolsa zenanlar ýygyndymyza wekilçilik ederler.

Tokio şäherindäki ýaryş 3 ― 4-nji dekabr günlerinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň