Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň ýurdumyzyň Taekwondo (ITF) milli merkezi bilen bilelikde guramagynda taekwondo boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.
«Aşgabat» köpugurly stadionynda geçen ýaryşa ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen taekwondoçylaryň ýüzlerçesi gatnaşdy. Paýtagtymyzyň we welaýatlaryň ýygyndy toparlaryna agzalyk edýän türgenler ýurdumyzyň çempiony bolmak ugrunda ýiti göreş alyp bardylar. Oglanlaryň ýaryşlary agramlaryň 8-si, gyzlaryň bäsleşikleri bolsa 3-si boýunça guraldy.
Dartgynly tutluşyklaryň netijesinde medallaryň agramly bölegini gazanan Mary welaýatynyň ýygyndy topary umumy hasap boýunça ýeňiji boldy. Bu ýygyndyny ýaryşa Maksat Babaýew taýýarlady. Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary ikinji orny eýeledi. Balkan welaýatynyň taekwondoçy ýaşlaryndan düzülen ýygyndy bolsa üçünji orna mynasyp boldy.
Taekwondonyň şahsy hem-de toparlaýyn tul görnüşlerinden guralan bäsleşiklerde hem gazanylan medallaryň umumy sany boýunça Mary welaýatynyň ýygyndysy ýeňşi elden bermedi. Ikinji orny Lebap welaýatynyň ýygyndysy eýelese, balkanly taekwondoçylar üçünji orny gazanmagy başardylar.
Taekwondo (ITF) boýunça milli ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi, gara guşagyň sekizinji danynyň eýesi Aýdogdy Atabaýew bu ýaryşyň dekabryň başynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde guraljak Dünýä kubogynda çykyş etjek türgenlerimizi seçip almakda diýseň ähmiýetli bolandygyny belledi.