Şawkat Mirziýoýew Daşoguzda geçirilýän dostluk festiwalyna gatnaşyjylary gutlady

08:1616.11.2022
0
16949

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda geçirilýän Özbek we türkmen halklarynyň dostluk festiwalyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

Doganlyk ýurduň Baştutany iberen gutlag hatynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem dostluk festiwalyny guraýjylaryň ählisine festiwalyň Daşoguz şäherinde ýokary derejede geçirilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edýär.

Gutlagda özbek we türkmen halklarynyň taryhy-medeni gatnaşyklarynyň köpasyrlyk dostluk, doganlyk gatnaşyklarynyň berk binýady bolup hyzmat edýändigi, garyndaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bu möhüm forumyň iki halkyň asylly maksatlarynyň umumydygyny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen görkezýändigi nygtalýar.

— Soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň ähli ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň Daşkent şäherine amala aşyran taryhy saparynyň strategik hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna täze itergi berendigini aýratyn nygtamak isleýärin.

Şunuň bilen birlikde, biziň ýokary derejeli ynanyşmak we özara goldaw bermek ruhundaky köptaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň ösdürilmegine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Onuň Alyhezreti hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň ägirt uly goşandyny bellemek isleýärin — diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gutlagynda ýazýar.

— Biziň geljekde-de bilelikdäki tagallalarymyz bilen iki dost-doganlyk halklary has-da ýakynlaşdyrýan şeýle medeniýet baýramlaryny geçirip durjakdygymyza berk ynanýaryn — diýmek bilen, özbek Lideri festiwala gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, ähli hoşniýetli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň