Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň mugallymlary noýabr aýynda terjibe alyşmak maksady bilen Latwiýanyň Riga şäherinde üç günlük iş saparynda boldular.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, Latwiýanyň Riga şäherinde geçirilen çäre Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMKA 10) tarapyndan guraldy.
Iş saparyň çäklerinde Okuw merkeziniň mugallymlary Riganyň Tehniki Uniwersitetiniň Halkara ykdysady gatnaşyklary we gümrük institutyna hem-de Latwiýanyň Döwlet girdejiler gullugynyň Milli gümrük müdirligine baryp gördüler. Ol ýerde mugallymlar topary
Riganyň Tehniki Uniwersitetiniň «Gümrük we salgyt dolandyryşy» maksatnamasy boýunça okatmagyň usulyýeti we Latwiýanyň Döwlet girdeji gullugynyň işgärleri üçin hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň guralyşy bilen, şeýle-de gümrük işiniň aýry-aýry ugurlary boýunça işleriň alnyp barylyşy bilen tanyşdylar.
Riganyň Tehniki Uniwersitetiniň Halkara ykdysady gatnaşyklary we gümrük institutyna baranda Okuw merkeziniň müdiri, bu institutyň talyplary üçin Türkmenistanda gümrük işiniň guralyşyny beýan edýän umumy sapak berdi.
Çäräniň tamamlanmagy bilen Latwiýanyň hünärmenleri bilen bilelikde Okuw merkeziniň mugallymalary Türkmenistanda Döwlet gümrük gullugy üçin işgärleri taýýarlamakda we hünär kämilleşdiriş sapaklaryny guramak boýunça teklipleri taýýarladylar we Riganyň Tehniki Uniwersiteti bilen käbir ugurlar boýunça gözlegleri geçirmek babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmek barada ylalaşdylar.