Sloweniýanyň bütin taryhynda ýurduň Prezidentligine ilkinji gezek zenan saýlandy, ol Nataşa Pirs-Musar diýip, «MIR 24» habar berýär.
Ol özüniň ýeke-täk garşydaşy, ýurduň DIM-niň öňki başlygy Anže Logaradan sesleriň az tapawudy bilen ozdurmagy başardy.
Täze Prezident eýýäm özüniň işinde möhüm çelgileri kesgitländigini habar berdi, Nataşa Pirs-Musar ýurduň ýaşuly raýatlaryň üpjünçiligini gowulandyrmak, ýaşlaryň Respublikada ýaşamagy we zähmet çekmegi ugrunda elde baryny etjekdigini aýtdy. Şeýle-de ol daşky gurşawy goramak barada alada etmegi wada berdi.