Soňky habarlar

Arhiw

Sambo boýunça dünýä çempionaty tamamlandy

12:1814.11.2022
0
11694

Türkmenistanyň sambo boýunça milli ýygyndysynyň wekilleri Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda alty medal gazandy. Olaryň biri altyn, ýene biri kümüş, dördüsi bolsa bürünç medallardyr.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmen ýygyndysynyň altyn medalyny dünýä çempionatynyň ilkinji gününde Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001 harby bölümiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Muhammet Kössekow gazandy.

Onuň ikinji gününde Türkmenistanyň Söweş sungaty boýunça milli federasiýasynyň wekili Kakageldi Ýegenbaýew (71 kilograma çenli agram derejesinde) bilen Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň türgeni Batyr Hojamuhammedow (98 kilograma çenli agram derejesinde) ýurdumyzyň sport üstünliklerine bürünç medallaryň ikisi bilen goşant goşdular.

Lebaply tälimçi Begenç Baltaýew ýaryşyň üçünji gününde milli ýygyndymyzyň bu ýaryşdaky ýeke-täk kümüş medalyny eýeledi. Ol bu üstünligi 79 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Şol gün sport sambosy boýunça Guwanç Begalyýew (98 kilograma çenli) bilen söweş sambosyndan Babajan Iwadullaýew (98 kilograma çenli) dagy hem bürünç medallaryň ikisini almagy başardylar.

11 — 13-nji noýabr aralygynda geçirilen dünýä çempionatyna 52 döwletiň wekilleri gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň