Turkmenportal logo
13.11.22
1252712527
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2022: «Nebitçi» myhmançylykda «Energetigi» ýeňdi
TÝL ― 2022: «Nebitçi» myhmançylykda «Energetigi» ýeňdi

Balkanabadyň «Nebitçi» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň 20-nji tapgyrynda «Energetikden» rüstem geldi. Mary şäherinde geçirilen duşuşyk myhmanlaryň 3:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.


Möwsümde üçünji ýeňşini gazanan «Nebitçi» heniz hem sekizinji orunda galýar. Topar bu ýeňişden soň utugyny 10-a çykardy. 15 utukly «Energetik» bolsa ýedinji orundadyr.


«Nebitçi» indiki duşuşygyny 18-nji noýabr güni «Altyn asyr» bilen geçirer. «Energetik» şol gün myhmançylykda «Köpetdag» bilen güýç synanyşar.