Soňky habarlar

Arhiw

«Abdyş-Ata» futbol boýunça Gyrgyzystanyň çempiony boldy

18:3813.11.2022
0
15226

«Abdyş-Ata» Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň 27-nji tapgyrynda «Talanty» 5:3 hasabynda ýeňdi.

Bu ýeňiş topara çempionatyň şu möwsüminiň ýeňijisi bolmak hukugyny berdi.

«Abdyş-Atanyň» düzüminde türkmenistanl derwezeçi Rahat Japarow hem altyn medala mynasyp boldy.

«Abdyş-Ata» taryhynda ilkinji gezek Gyrgyzystanyň çempiony boldy. Ýurduň çempionaty 1992-nji ýyldan bäri geçirilýär.

Şeýlelikde, «Abdyş-Ata» Gyrgyzystanyň çempiony hökmünde 2023-nji ýylda AFK-nyň kubogynda çykyş etmäge hukuk gazandy.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň derwezeçisi Rahat Japarow «Abdyş-Atada» şu ýylyň başyndan bäri çykyş edip gelýär. Sentýabr aýynda ol topar bilen ýurduň Futbol kubogyna hem mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň